Nepomnýaşiý we Karlsen küşt boýunça dünýä çempionlygy ugrunda göreşerler

  • 25.11.2021 19:44
  • 3.3k+

Dubaýda (BAE) rus grossmeýsteri Ýan Nepomnýaşiý 24-nji noýabrdan 16-njy dekabr aralygynda küşt boýunça dünýä çempiony diýen at ugrunda norwegiýaly Magnuson Karlsen bilen güýç synanyşar. Bu barada sanktpeterburg.bezformata.com habar berýär.

Duşuşyk 14 oýun dowam eder. 7,5 utuk gazanan grossmeýster Dünýä çempiony bolar.
Final oýny 14-nji dekabrda meýilleşdirilýär.
Dünýä çempiony diýen at ugrundaky oýnuň baýragy, azyndan, 2 million ýewro bolar.
Ýan Nepomnýaşiý 2010-njy ýylyň Ýewropa boýunça çempiony, iki gezek Dünýä çempionatynyň ýeňijisi (2013 we 2019-njy ýyllarda), Küşt boýunça dalaşgärler ýaryşy-2020/2021-iň çempiony.
Norwegiýaly Magnus Karlsen küşt boýunça üç kategoriýada dünýä çempionydyr.

düýn 20:06
3.1k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...

düýn 14:08
8.9k+

Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy

Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi...

düýn 12:22
3.1k+

“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi

"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada  dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi...

düýn 11:39
4.5k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar

Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi...