Filippinleriň iň garry ýaşaýjysy 124 ýaşynda aradan çykdy

  • 24.11.2021 17:48
  • 11k+

Filippinleriň iň garry ýaşaýjysy Fransiska Susano 124 ýaşynda Günbatar Negros welaýatynda dogduk şäheri Kabankalanda aradan çykdy. Bu barada ýerli häkimiýetleriň beýanatyna salgylanyp, “Inquirer” gazeti habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Susano ýa-da Filippinlerde atlandyrylyşy ýaly “Lola Iska” duşenbe güni agşam ýogaldy. Şol gün gündiz ol agyr dem alyşdan zeýrenipdi.

Susano 1897-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä indi. Onuň 14 çagasy bolup, häzirki wagtda şolardan sekiz sanysy ýaşaýar. Şeýle-de, onuň 500-den gowrak agtygy bar. Neşir Susanonyň planetanyň iň garry ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alyp biljekdigini, ýöne onuň maşgalasynyň guramaçylaryň ähli talaplaryny ýerine ýetirip bilmändigini belleýär.

Kitabyň maglumatlary boýunça, häzirki wagtda resmi hasaba alnan rekord ýaponiýaly Kane Tanaka degişlidir. Ýanwar aýynyň başynda ol 118 ýaşyny belledi. Uzak ýaşamagyň absolýut rekordy fransiýaly Žanne Kalmana degişli – 1997-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykan wagty onuň ýaşy 122 ýyl we 164 gündi.

şu gün 11:08
166

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......

şu gün 10:30
206

UCL barlagy: sungat bilen yzygiderli meşgullanmak garrylygy haýalladýar

London uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynda sungat bilen yzygiderli meşgullanmagyň we medeni çärelere gatnaşmagyň biologik garrama hadysasyny haýalladýandygy ýüze çykaryldy....

şu gün 00:03
4.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
2.6k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....