Netflix iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy bilen ýörite saýt döretdi

  • 18.11.2021 16:13
  • 3.3k+

Netflix akym hyzmaty top10.netflix.com saýtyny işe girizdi. Onda Netflix platformasynda öň ýerleşdirilen iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy neşir edildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Kategoriýa boýunça her sanaw on orundan ybarat. Kategoriýalar şeýle görnüşde: iňlis dilindäki filmler, iňlis dilindäki seriallar, daşary ýurt dillerindäki filmler we daşary ýurt dillerindäki seriallar. Hyzmatyň işleýän ýurdunyň hersi üçin sanawyň öz wersiýasy bar. Reýting ulanyjylar tarapyndan filmleri we seriallary görmäge sarp edilen wagty hasaplamagyň esasynda düzüldi.

Sanaw yzygiderli täzelener. Indiki täzelenme 23-nji noýabra we ondan soň her sişenbe gününe meýilleşdirilýär.

Şeýle-de, hyzmatda kinoplatformanyň tutuş taryhynda iň meşhur filmleriň we seriallaryň sanawy bar. Iňlis dilindäki iň meşhur filmleriň sanawynda birinji orny “Bird Box”, seriallardan “Bridgerton” eýeledi. Daşary ýurt dillerindäki filmleriň arasynda Germaniýanyň “Blood Red Sky” filmi birinji orunda ýerleşýär, seriallaryň arasynda bolsa “Squid Game” has meşhurdyr. 


29.01.2026 17:21
4.5k+

Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy

Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar...

28.09.2021 07:17
2.7k+

Netflix «Jadygöý» filminiň üçünji möwsümini surata düşürer

Netflix “Jadygöý” (“Ведьмак”) serialynyň üçünji möwsümini surata düşürer. Bu barada serialyň Twitterdäki resmi saýtynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär. “Biz ikinji çeper anime-film we wakalary Jadygöýüň...

10.08.2021 09:02
12k+

Žan-Klod Wan Dammly uruşganly film görlen sany boýunça Netflix-de ilkinji 5-lige girdi

Netflix striming hyzmaty Žan-Klod Wan Dammyň baş keşbi janlandyrmagynda “Iň soňky hakyna tutma” uruşganly komediýasyny çykardy. Bu film striming hyzmatynyň öz reýtinginde birinji ýeri eýeledi diýip, newinform.com...

29.01.2026 06:27
4.6k+

«Indi beýle geýinme»: şu ýylky modanyň esasy antitrendleri

Moda yzygiderli üýtgeýär. Şu günki döwrebap hasaplan lybaslaryň ertir eýýäm antitrend hasaplanyp bilner. Şundan ugur alyp, Peopletalk neşiriniň bilermenleri  2026-njy ýylda modadan galjak birnäçe stillerdir biçüwler barada ýörite seljerme taýýarladylar...