Toyota täze 2022-nji ýylyň RAV4 krossowerini tanyşdyrdy

  • 17.11.2021 23:49
  • 9.7k+

Toyota SE gibrid wersiýasynda  2022-nji ýylyň täze RAV4 krossowerini tanyşdyrdy. Toyota RAV4 Amerikada iň köp satylýan krossowerdir. Şunuň bilen baglylykda, ýapon konserni 2022-nji ýylyň modeline birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Bu barada carsweek.ru habar berdi.

Iň uly üýtgeşme onuň SE Hybrid gibrid görnüşiniň goşulmagydyr. Ol adaty gibride garanyňda sport görnüşine has ýakyn, ýöne XSE Hybrid-den arzan bir zat isleýän awtoulag söýüjilerini özüne çekýär.

Täzelenen model täzeçe bezegli mata oturgyçlar bilen üpjün ediler. Krossowerde 7 dýuýmlyk maglumat-güýmenje ulgamy we alty dinamikaly ses ulgamy bar. Birneme köpräk çykdajy bilen müşderiler ýagyşa duýgur süpürgiçli, deriden edilen gyzdyrylýan rully we öňdäki oturgyçlary hem gyzdyrylýan gyş paketini alyp bilerler.

Has giňişleýin maglumat indiki aý çap ediler, ýöne 2022-nji ýylyň RAV4 Toyota-synyň bahasy, takmynan, 26,500 dollar bolar diýip, çeşme belleýär.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......