Şwesiýada inflýasiýa 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Şwesiýada inflýasiýa 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Şwesiýada inflýasiýa ýokarlanmagyny dowam etdirýär we häzirki wagtda 2008-nji ýylyň güýzünden bäri iň ýokary derejesindedir. Bu barada Merkezi statistika býurosynyň (MSB) metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlary boýunça, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda inflýasiýanyň ýyllyk hasabynda üýtgemegi 3,1% boldy. Sentýabr aýynda şol görkeziji 2,8%, Döwlet bankynyň maksatly derejesi 2,0% bolupdy.

Hünärmenler inflýasiýanyň derejesini, esasanam, ýaşaýyş jaýlarynyň, elektrik energiýasynyň bahasynyň has ýokary bolmagy hem-de ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Mundan başga-da, miweler, gök önümler we içgiler, awtomobiller we hojalyk-durmuş elektronikasy ýaly beýleki haryt kategoriýalary üçin hem bahalaryň ýokarlanandygy bellenilýär. Köp hünärmenler ýurtda inflýasiýanyň tizleşmegini wagtlaýyn hadysa diýip hasaplaýarlar.

Şwesiýanyň statistika edarasynyň maglumatlary boýunça, 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň iýun aýy aralygynda ýurtda inflýasiýa 2,5%-den geçmändi. Soň 2021-nji ýylyň güýzünden görkeziji ýokarlanyp başlady we oktýabr aýynda iň ýokary derejesine ýetdi. 2008-nji ýylda Şwesiýada inflýasiýa 3,3% boldy.