Samsung 2022-nji ýylda 330 milliondan gowrak smartfony ýola goýmagy göz öňünde tutýar

Samsung 2022-nji ýylda 330 milliondan gowrak smartfony ýola goýmagy göz öňünde tutýar

Internet çeşmeleri Günorta Koreýanyň Samsung ägirdiniň geljek ýylda smartfon öndürmek boýunça meýilnamasyny mälim etdiler. Elektron bölekleriň ýetmezçiligine garamazdan, kompaniýa öýjükli enjamlaryň iberilişini artdyrmak isleýär diýip, 3dnews.ru belleýär.

Umuman alanyňda, 2022-nji ýylda, takmynan, 334 mln Samsung smartfonynyň ýola goýulmagyna garaşylýar. Olardan, takmynan, 285 million birligi kompaniýa hususy güýji bilen öndürer, ýene 49 mln gurluş beýleki potratçylar tarapyndan öndüriler.

Gurluşlardan, takmynan, 54 million birlik Galaxy S maşgalasynyň flagman gurluşlarynyň paýyna düşer. Olardan 14 mln birlik Galaxy S22, 8 mln birlik – Galaxy S22+ we 11 mln birlik Galaxy S22 Ultra modelleri bolar.

Maýyşgak ekranly Galaxy Z enjamlarynyň hem önümçilik möçberi artar: meýilnamalara laýyklykda, umumy üpjünçilik, takmynan, 13 mln birlige ýeter. Olardan 4 mln birlik Galaxy Z Fold we 9 mln birlik Galaxy Z Flip gurluşlarynyň paýyna düşer. 

Umuman, indiki ýylyň dowamynda Samsung arzan bahaly 176 mln enjamy ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Orta bahada bolan modelleriň önümçilik möçberi 91 mln birlige ýeter. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýyl 2017-nji ýyldan soň Samsung-yň 300 milliondan gowrak smartfony ýola goýan ilkinji ýyly bolup biler.