Türkmenistan Türkiýeden deri önümleriniň importyny tas 40% ýokarlandyrdy

  • 07.11.2021 00:40
  • 8.8k+

2021-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Türkiýe Türkmenistana deri önümleriniň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 38% - 3,781 mln dollara çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, Trend habar berýär.

Sentýabr aýynda Türkiýeden Türkmenistana deri önümleriniň eksporty 308 müň dollara ýetdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 24 göterim azdyr. 
Umuman, Türkiýe ýanwar – sentýabr aýlarynda deri önümleriniň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 28,3 göterim – 1,266 mlrd dollara çenli ýokarlandyrdy. Sentýabr aýynda Türkiýe 172,059 mln dollarlyk deri önümlerini eksport etdi, bu 2020-nji ýylyň şol aýyndaky görkezijiden 32 göterim köpdür.
Soňky 12 aýda (2020-nji ýylyň sentýabr aýy – 2021-nji ýylyň sentýabr aýy) deri önümleriniň türk eksporty 1,611 mlrd dollara barabar boldy.


şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...