Google 9-njy noýabrdan akkaunta giriş düzgünlerini üýtgeder

  • 07.11.2021 00:37
  • 7k+

9-njy noýabrdan ulanyjylaryň Google akkauntlaryna giriş şertleri üýtgär. Kompaniýa iki şertli autentifikasiýa boýunça girişi hökmany eder. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Iki şertli autentifikasiýa – giriş usuly bolup, onda esasy parol girizilenden soň, sazlamalara baglylykda SMS ýa-da elektron hat görnüşinde iberilen bir gezeklik paroly girizmeli. Häzirki wagtda poçta ýa-da beýleki Google serwislerine girmek üçin şeýle usul talap edilmeýär, ýöne 9-njy noýabrdan kompaniýa ony awtomatik usulda işjeňleşdirer. Serwislere başgaça usul bilen girip bolmaz. Şeýle-de, bu ýagdaýda akkaunta diňe telefon arkaly bir gezeklik parol tassyklanandan soň girip bolar.

Google eýýäm ähli ulanyjylara akkauntlaryny özara gatnaşyk etmegiň täze şertlerine geçmäge taýýarlamak üçin iki şertli autentifikasiýany işjeňleşdirmegi maslahat berýär. 

Şeýle karar serwislerden we gurluşlardan parollaryň ogurlanmagynyň akkaunty döwmegiň giňden ýaýran görnüşidigi sebäpli kabul edildi. Bellenilişi ýaly, täze çäre ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrar we olary bolup biljek akkaunt döwülmesiniň ýaramaz netijelerinden gorar.

Parol girizilenden soň, telefonda ikinji ädimi ýerine ýetirmeli. Ulgama gireniňizde, telefony el astynda saklaň. Iki basgançakly autentifikasiýa 9-njy noýabrda awtomatik usulda işjeňleşdiriler. Eger isleseňiz, siz ilkibaşda bu funksiýany işjeňleşdirip bilersiňiz: siziň akkauntyňyz taýýar.


11.07.2025 10:50
697

OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer

OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär...

09.07.2025 09:54
2.1k+

Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar

Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär...

08.07.2025 17:40
3.2k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...

02.07.2025 11:13
2.8k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär...