Çiliç Sankt-Peterburgdaky ATP ýaryşynda ikinji gezek çempion boldy

  • 01.11.2021 23:09
  • 2.4k+

Horwatiýaly tennisçi Marin Çiliç Sankt-Peterburgda geçirilen baýrak gaznasy 860 müň dollardan geçýän tennis ýaryşynyň finalynda amerikaly Teýlor Fritsden üstün çykdy.

Duşuşyk 7:6 (7:3), 4:6, 6:4 hasabynda Çiliçiň peýdasyna tamamlandy. Oýun 2 sagat 23 minut dowam etdi.
Çiliç häzir 33 ýaşynda bolup, ol Professional tennisçileriň birleşiginiň (ATP) reýtinginde 35-nji ýerde durýar. Bu ýeňiş onuň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň howandarlygyndaky ýaryşlarda karýerasyndaky 20-nji ýeňşi boldy. Şolaryň hatarynda ol iki gezek Moskwanyň Kreml kubogyny hem aldy.
Sankt-Peterburgda geçirilen ýaryşda Çiliç öň 2011-nji ýylda-da ýeňiji bolupdy. Şeýle hem ol 2021-nji ýylda Ştutgartda geçirilen ýaryşda-da ýeňiş gazandy.


04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....

21.04.2026 14:50
4.8k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....