McDonald’s işgärlerine derek robotlary işledip başlady

  • 31.10.2021 23:46
  • 8k+

McDonald’s IBM bilen hyzmatdaşlykda “MacAuto”-da awtomatiki sargyt kabul etmek tehnologiýasyny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada ferra.ru habar berdi.

2019-njy ýylda McDonald’s Apprente atly tehnologiýa startapyny satyn aldy we onuň adyny McD Tech Labs diýip üýtgetdi. Hyzmatdaşlyk şertnamasynyň bir bölegi hökmünde IBM bu kompaniýany satyn alar.  Şol bir wagtyň özünde, Apprente eýýäm restoran üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan ulgamy döretdi. McDonald’s tehnologiýany şu tomus Çikagodaky birnäçe restoranda synagdan geçirdi. Şol döwürde kompaniýa ulgamyň gelýän sargytlaryň, takmynan, 80%-ini gaýtadan işlemäge ukyplydygyny we takmynan, 85% takyklyk bilen ýerine ýetirip bilendigini öňe sürdi.
Synag ulgamyň hem müşderiler, hem işgärler üçin peýdalydygyny görkezdi diýip, McDonald’s belledi.


17.03.2026 16:06
3.2k+

Adamzat taryhynda iň gymmat tehnologiýa taslamalarynyň ady belli boldy

Her bir siwilizasiýa öz yzynda döwrüniň maddy subutnamalaryny galdyrýar. Häzirki zaman dünýäsinde iri inženerçilik we ylmy taslamalar şeýle simwollara öwrülýär. laryň köpüsiniň işlenip düzülmegi üçin onlarça ýyl gerek boldy we ägirt uly maliýe we tehnologik serişdeleri talap etdi...

14.03.2026 16:44
2.4k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli 6G aragatnaşyk ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär

Hytaý halkara standartlary tassyklanylandan soň, 2030-njy ýyla çenli altynjy nesil (6G) aragatnaşyk tehnologiýasyny ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Yicai neşiri pudak hünärmenleriniň çaklamalaryna salgylanyp habar berýär...

04.03.2026 16:16
6.9k+

Britan inženeri ýekeje şaryň üstünde ýöreýän motosikl ýasady

Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär...

04.03.2026 10:42
2.1k+

Hytaýly alymlar dünýäniň iň kiçi we iň tygşytly tranzistoryny döretdiler

Pekin uniwersitetiniň gözlegçi hünärmenleri dünýäde iň kiçi we iň az energiýa sarp edýän tranzistorlary işläp düzdüler. Bu täze tehnologiýa geljekde emeli aň üçin niýetlenen has güýçli çipleriň esasyny düzüp biler...