Owganystan Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi wada berýär

  • 30.10.2021 22:54
  • 13k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurduň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Kariminiň Twitterde beren habaryna salgylanyp, orient.tm maglumat berýär.

Bellenilişi ýaly, Kabul şäherindäki Prezident köşgünde geçirilen gepleşiklerde owgan tarapy Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etmäge, şeýle-de gurulýan infrastrukturalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Turgundy — Hyrat demir ýol şahasynyň hem-de Türkmenistandan Hyrada çenli elektrik geçirijisiniň gurluşyklaryny çaltlandyrmak baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Owgan tarapy häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Türkmenistanyň öz günorta goňşusyna ynsanperwerlik kömegini bermegi dowam etmäge taýýardygyny mälim edendigini belleýär.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......