Adam ýaly pikirlenýän dünýäde ilkinji robot Ýaponiýada döredildi

  • 30.10.2021 01:59
  • 11k+

Alymlar robotlaşdyrylan organizmiň intellektiniň öwreniş ukybyny hasam gowulandyrmagy başardylar. Bu barada zamana.info habar berdi.

Olar robotyň öwreniş ukybynyň artandygyny barlamak üçin öz taslamalaryny tejribede synap gördüler. Synag ýönekeý labirintden geçmekden ybarat boldy. Munuň üçin robot özbaşdak dolandyrylýan kiçijik hereket edýän panelde ýerleşdirildi.

Netijede, emeli intellekt ähli päsgelçiliklerden geçip, öňde goýlan maksada ýetmegi başardy. Ol hereket edýän mahaly adam ýaly pikir etdi. Robot esasy ýoldan sowulan halatynda bolsa elektron impuls ony dogry ugra gaýtardy.

Ylmy toparyň alymlarynyň biri Hirokadzu Takahasi emeli intellekt işläp taýýarlanylanda gözlegçileriň öz-özüňi öwrenmek ýörelgesinden ugur alandygyny aýtdy.


14.07.2025 11:06
3.6k+

Hytaý robot iti Black Panther II 13 sekuntda 100 metr aralyga ylgady

Mirror Me hytaý startapynyň Black Panther II robot iti 13 sekuntda 100 metr aralygy ylgap geçdi. Bu robotlaryň arasynda iň gowy netijedir diýip, South China Morning Post habar berýär. Model sekuntda 9,7 metr tizligi görkezip, sekuntda 8,8 metre çenli tizligini artdyryp bilýän WildCat amerikan robotynyň görkezijilerinden geçdi...

09.07.2025 13:57
2.8k+

Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler...

06.07.2025 15:43
2.6k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4.6k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...