Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 29.10.2021 09:59
  • 3.8k+

28-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Guramanyň täze ýolbaşçysy Aşgabatda ilkinji gezek bolýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-ä häzirki başlyklyk etmegi hem-de degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. 28-nji noýabrda — YHG-nyň gününde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

YHG agza döwletleriň ägirt uly kuwwaty söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, innowasiýalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda, maýa goýumlar ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Husraw Noziri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň paýtagtymyzda üstünlikli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......