Türkmenistanda noýabrda iri çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär

  • 29.10.2021 09:53
  • 11k+

Noýabr aýynda Türkmenistanda Hasyl toýy, ählihalk bag ekmek dabarasy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa türkmen Liderine hasabat berdi.

Hökümetiň 28-nji oktýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň, döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň hem-de täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem kino sungatynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak, adamlaryň durmuşynda bolup geçýän özgerişlikler, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy barada gürrüň berýän, parahatçylygyň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzy wasp edýän täze filmleri döretmek möhümdir diýip, türkmen Lideri wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....