Mastercard kriptografik walýuta töleglerini goldap başlar

Mastercard kriptografik walýuta töleglerini goldap başlar

Mastercard töleg ulgamy kriptografik walýuta tölegleriniň girizilýändigini mälim etdi. Bu barada duşenbe güni rbc.ru habar berdi.

Mastercard-yň hyzmatdaşlary, şol sanda täjirler we banklar hem ýakyn wagtda öz önümlerine sanly aktiwleri goldawy goşup bilerler. Munuň üçin töleg ulgamy Bakkt kriptografik walýuta platformasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Onuň netijesinde, Mastercard-yň müşderileri sanly aktiwleri satyn alyp, satyp we saklap bilerler.

Mastercard, şeýle hem onuň hyzmatdaşlary dürli üstünlikleri üçin müşderilerini sanly aktiwler bilen sylaglap biler ýaly, loýallyk programmasyna hem kriptografik walýuta goldawyny goşmagy meýilleşdirýär.

Sentýabr aýynda Mastercard 900-den gowrak sanly aktiwleriň blokçeýninde şübheli hereketleri yzarlaýan CipherTrace analitiki kriptografik hyzmatyny satyn alandygyny habar berdi. CipherTrace-iň satyn alynmagy bilen töleg ulgamy kriptografik walýuta pudagynda mümkinçilikleri giňeltmegi meýilleşdirýär. Mastercard öz hyzmatdaşlaryna CipherTrace-iň önümlerine girişi üpjün eder we sanly aktiwleri dolandyrmakda kompaniýalara aç-açanlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýän täze hyzmaty döreder.