Pýotr Ýan 30-njy oktýabrda UFC-niň çempionlyk guşagy ugrunda söweşe çykar

  • 27.10.2021 23:23
  • 6.5k+

30-njy oktýabrda Abu-Dabide urally söweşiji Pýotr Ýan bilen Kori Sendhageniň arasynda meýilleşdirilen UFC-niň çempiony diýen at ugrundaky söweş geçiriler. Bu barada ural.kp.ru habar berýär.

"Keramatly Ýekaterinanyň gaznasynyň" habaryna görä, eýýäm Ýekaterinburgyň köçelerinde rus türgenini goldaýan äpet bannerler peýda boldy. Olarda: "Bütin Russiýa Pýotr Ýan bilen!" diýilýär.

Pýotr Ýanyň bu söweşi ilki başda UFC-niň çempiony Aljamein Sterlinge garşy jogap duşuşygy bolmalydy. Şeýle-de bolsa, amerikaly söweşiji käbir sebäplere görä söweşmekden ýüz öwürdi.

Ýan we Sterlingiň ilkinji söweşi 2021-nji ýylyň martynda bolup geçdi. Onda rus söweşijisi ýeňiş gazandy. Ýöne söweşde gadagan edilen urgyny ýerine ýetirendigi sebäpli Ýan diskwalifikasiýa edilip, çempionlyk guşagyny Sterling alypdy.


10.05.2026 11:39
12k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.8k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.8k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......