Lebaply ekerançylar güýzlük bugdaý ekişini ilkinji bolup tamamladylar

  • 27.10.2021 13:21
  • 3.1k+

Lebap welaýatynyň  ekerançylary Türkmenistanda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi bellenilen möhletlerde hem-de agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi, munuň özi gymmat bahaly bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär. Şu möwsümde howa babatynda hem, agrotehniki şertler babatynda hem ýagdaýlar amatly boldy. Ekiş üçin ýokary hasyl berýän hem-de kesellere durnukly tohumlar taýýarlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, geljek ýyl ýurdumyzda jemi 1 million 400 müň tonna, şol sanda Lebap welaýatynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär.


25.04.2026 13:45
15k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

25.04.2026 13:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

21.04.2026 08:00
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

14.04.2026 14:07
8.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......