24-25-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

  • 23.10.2021 09:26
  • 4.9k+

24-25-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Sapara görülýän taýýarlyklar barada 22-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi. Bu gün resminamalaryň 120-si ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek duşuşyk hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda onuň uly kuwwatyny has doly peýdalanmaga, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...