«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» komitetiniň nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi

  • 22.10.2021 09:18
  • 2.5k+

21-nji oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň XX mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli hünär ugurlarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Türkmenistandaky we ÝB-däki makroykdysady ýagdaýlar aýratyn gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar bilelikdäki işiň netijelerini seljerip, pandemiýa garşy hereket etmek hem-de onuň ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýeňip geçmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......