Dünýäde Netflix-iň abunaçylarynyň sany 214 milliondan geçdi

  • 21.10.2021 18:26
  • 2.6k+

Netflix amerikan korporasiýasynyň tölegli abuna ýazylyşyk boýunça hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlaryň sany dünýäde 214 milliondan geçdi. Muny kompaniýanyň geçen çärýek üçin neşir edilen hasabaty delillendirýär diýip, www.belta.by habar berýär.

30-njy sentýabrda tamamlanan üç aýlyk döwürde Netflix-iň abunaçylary 4,4 mln san köpeldi. Kompaniýanyň beren çaklamasyna görä, şu ýylyň dördünji çärýeginiň ahyryna çenli olaryň sany ýene 8,5 mln birlik, ýagny 222 milliona çenli artar.

Hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 7,4 mlrd dollardan, düşewündi 1,4 mlrd dollardan geçdi. Şu ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, birinji görkeziji 7,3 mlrd dollar, ikinji – 1,3 mlrd dollar bolupdy.

Netflix 1997-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň ştab-kwartirasy Los-Gatosda (Kaliforniýa ştaty) ýerleşýär. Kompaniýa 190-dan gowrak ýurtda akym hyzmatlaryny hödürleýär. 2013-nji ýyldan bäri Netflix öz filmlerini, seriallaryny we telegepleşiklerini surata düşürýär.


09.07.2025 14:16
3.2k+

Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi

Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar...

04.07.2025 18:42
1.5k+

Netflix her tomaşaçy üçin film we treýler döretmäge niýetlenen EA esasly tehnologiýany patentleýär

Netflix emeli aň tehnologiýasy arkaly şahsylaşdyrylan treýlerleri we interaktiw filmleri döretmegiň üstünde işleýär. Muňa  kompaniýanyň täze patentleri şaýatlyk edýär diýip, Business Insider habar berýär. Dekabr aýynda berlen bir patentde her bir ulanyjy üçin şol bir filmiň treýlerleriniň dürli wersiýalaryny döretmegiň mümkindigi beýan edilýär...

03.07.2025 22:36
5.9k+

“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi

“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi...

17.06.2025 12:58
1.6k+

Netflix Wensan Kassel bilen Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” filmini surata düşürer

Netflix Wiktor Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmaga taýýarlanýar. “Kwazimodo” filmindäki baş keşbi fransuz aktýory Wensan Kassel ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri habar berýär...