Instagram-da «bilelikdäki suratlary» neşir etmek mümkinçiligi peýda boldy

  • 21.10.2021 17:19
  • 3.6k+

Instagram programmasynda neşiriň awtory hökmünde ýene bir adamy bellemäge mümkinçilik berýän funksiýa peýda boldy. Bu barada işläp düzüjiler Twitterde habar berdiler diýip, TASS belleýär.

Täze funksiýa Collabs diýlip atlandyrylýar. Programmany işläp düzüjileriň düşündirmegine görä, materialyň sözbaşysynda iki akkaundyňam ady ýerleşdiriler we post iki awtoryň hem abunaçylarynyň lentalarynda görkeziler. “Bilelikdäki” materiallaryň umumy teswirleri we “laýk hasaplaýjysy” bolar diýip, The Verge portaly habar berýär. Täzelik Reels gysga wideo formatyna hem degişli bolar.

TechCrunch internet-portalynyň belleýşi ýaly, penşenbe güni Instagram ulanyjylaryna fotosuratlary we dowamlylygy bir minutdan az bolan wideolary kompýuterdäki brauzer arkaly ýükläp almak mümkinçiligi elýeterli bolar. Öň muny diňe programmanyň kömegi bilen amala aşyrmak mümkindi. 

Mundan başga-da, täjirçilik däl guramalar üçin haýyr-yhsan ýygnamak üçin ýörite funksiýa peýda bolar. Şeýle-de, Reels-e birnäçe täze effektleri goşmak meýilleşdirilýär.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
928

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....