Iri işewürlik düzümleriniň gatnaşmagynda VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi

  • 21.10.2021 07:05
  • 6.8k+

20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de foruma Russiýanyň 50-den gowrak sebitleriniň we şäherleriniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň täze şertlerde maýa goýum taslamalaryna, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryna seljerme berildi.

Işewür duşuşygyň maksatnamasyna senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri ýokarda agzalan pudaklar boýunça özleriniň eksport kuwwatyny we import boýunça bildirýän gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Işewür duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.


düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....