Gadymy Olimpiýada Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary – 2022-niň alawy ýakyldy

  • 19.10.2021 09:58
  • 5.5k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy b.e.öň sekizinji asyrda Olimpiýa oýunlarynyň dörän ýeri bolan Gresiýanyň Gadymy Olimpiýasynda ýakyldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Däp boýunça, alaw Geranyň gadymy ybadathanasynda parabolik aýnanyň kömegi bilen Gün şöhlelerinden ýakyldy. “Ýokary ruhany” Apollona şöhle iberip, Olimpiadanyň alawyny ýakmagy we Zewse Oýunlaryň ýeňijilerine wenok geýdirmegi üçin doga okady. Ýokary ruhanynyň keşbini aktrisa Ksanti Georgiu ýerine ýetirdi. Şondan soň ruhany fakeli Gün şöhlelerini jemleýän parabolik aýna eltdi.

Dabara COVID-19 pandemiýasy sebäpli ikinji gezek tomaşaçysyz geçirildi, Olimpiýa alawynyň estafetasy gysgaldyldy – oňa üç fakel göteriji gatnaşýar.

Gadymy Olimpiýadaky stadionda geçirilen dabara Gresiýanyň prezidenti Katerina Sakellaropulu, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah we “Pekin-2022” guramaçylyk komitetiniň hem-de HOK-nyň wekilleri gatnaşdy.

Sişenbe güni Panatinaikos stadionynda Olimpiýa alawy hytaý wekiliýetine gowşurylar. Bu stadionda-da tomaşaçy bolmaz.


şu gün 14:40
1.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 19:17
2.4k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...