Berdimuhamedow senagat işgärleriniň hünär baýramçylygyny gutlady

  • 16.10.2021 17:44
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti senagat işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Gutlag hatyny ýollady.

Ata Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, ýurdumyzyň senagat pudagy çalt depginler bilen ösdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan ägirt uly üstünliklere ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda senagat pudagynyň zähmetsöýer, agzybir işgärleri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, türkmen Lideri Gutlagynda häzirki döwürde berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, bu pudaga maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze önümçilik kärhanalaryny gurmak we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti pudaga ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi.


şu gün 15:00
319

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar...

şu gün 06:00
7.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (08.12 - 14.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar...

05.12.2025 17:42
3k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy. Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler...

05.12.2025 09:26
11k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...