Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

  • 16.10.2021 18:08
  • 9.5k+

Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Bellenilişi ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýew obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hasabyndaky “John Deere” hem-de “Claas” kysymly sürüm we bejergi traktorlary, şeýle hem “John Deere” kombaýnlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady hem-de oňa gol çekdi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......