Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» kitaby türk dilinde neşir edildi

  • 15.10.2021 13:44
  • 3.9k+

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  

Çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary we mugallymlary, gazetleriň baş redaktorlary, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarasyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, türk ylmy merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň professorlary we mugallymlary gatnaşdy.  

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň paýtagty barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu kitap ylmy, taryhy we filosofik nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin baý çeşme bolup durýar. Hususan-da, türk tarapyndan çykyş eden ANKASAM gözlegler merkeziniň başlygy, professor M.Erol, Ankara uniwersitetiniň dosenti B.Saryýew, Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň doktory E.Ýylmaz bu kitapda döwlet Baştutanynyň ata Watanyna, türkmen paýtagtyna, mähriban halkyna bolan söýgüsiniň şöhlelendirilýändigi barada nygtadylar.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......