Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynyň XII ministrler maslahatyna synçy derejesinde gatnaşar

  • 15.10.2021 13:46
  • 5.5k+

14-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýanyň barşynda taraplar Hökümet toparynyň gün tertibiniň ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny tassyklamak baradaky meselä seretdiler. Şeýle-de Hökümet toparynyň agzalary şu ýylyň 30-njy noýabry 3-nji dekabry aralygynda Ženewada geçiriljek BSG-niň XII ministrler maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nyň işine synçy hökmünde gatnaşmagy boýunça meselesini jikme-jik öwrendiler.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen tassyklanylan 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary söwda Strategiýasynda göz öňünde tutulandygyny nygtady.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......