UEFA Ýewro-2028-i geçirmek üçin arzalary kabul edip başlady

  • 15.10.2021 08:31
  • 5.1k+

UEFA-nyň resmi saýtynda 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygy barada maglumat peýda boldy. Kontinental futbol forumyny geçirmek isleýän ýurtlar 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli arzalary tabşyrmaly. Bu barada euro-football.ru habar berýär.

UEFA eger ýurtlar geografiýa taýdan ýakyn ýerleşýän bolsa, arzalaryň bilelikde hem bolup biljekdigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, Ýewro-2028 üçin awtomatiki kwalifikasiýa ýaryşy geçirjek ýurtlardan iki milli ýygynda kepillendirilýär.

Her bir arza stadionyň talaplaryna laýyk gelmeli. Ýagny, Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin dalaşgär ýurtda 10 stadion bolmaly, olaryň azyndan biri 60 müň, ýene azyndan biri, ýöne has gowusy ikisi 50 müň, azyndan dördüsi 40 müň, azyndan üçüsi 30 müň tomaşaçyny sygdyryp bilmeli.

5-nji aprelde UEFA ýaryşy geçirmek üçin dalaşgärleri atlandyrar. Ýewro-2028-i kimiň kabul etjekdigi 2023-nji ýylyň sentýabrynda kesgitlener.

Ýatlap geçsek, indiki Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriler.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......