R.Meredow CICA ýurtlaryny Aşgabatda geçiriljek parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy

  • 13.10.2021 10:55
  • 6.9k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 12-nji oktýabrda Nur-Soltan şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy.

Gazagystanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşykdan soňra, daşary işler ministri R.Meredow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ministrler derejesinde geçirilýän duşuşygyna gatnaşyp, çykyş etdi. Türkmenistana bu guramada synçy ýurt derejesiniň berilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň işiniň esaslanýan ýörelgelerini hem-de wezipelerini, hususan hem gepleşikler we hyzmatdaşlyk arkaly Aziýa yklymynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagyny, umumy bölünmeýän sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny beýan etdi.  

R.Meredow geňeşiň agza ýurtlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji çäresi hökmünde 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrdy.   


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......