Alar Karis Estoniýanyň prezidenti wezipesine girişdi

Alar Karis Estoniýanyň prezidenti wezipesine girişdi

Estoniýanyň täze prezidenti Alar Karis duşenbe güni parlamentde kasam kabul edip, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Baltika respublikasynyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, RIA Nowosti belleýär.

Prezident wezipesinden gidýän Kersti Kalýulaýd bu wezipäni 2016-njy ýyldan bäri eýeledi, ol ikinji möhlete dalaş etmedi. Kalýulaýd Karisi gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

“Estoniýanyň prezidenti wezipesine girişmek bilen, men, Alar Karis, Estoniýa Respublikasynyň konstitusiýasyny we kanunlaryny gorajakdygyma, maňa berlen häkimiýetden adalatly peýdalanjakdygyma, ähli güýjümi we başarnygymy Estoniýanyň halkynyň peýdasyna ulanyp, öz borçlarymy ynam we dogruçyllyk bilen berjaý etjekdigime kasam edýärin” – diýip, Karis aýtdy. Soňra prezident Kalýulaýdyň elinden döwlet häkimiýetiniň nyşany bolan prezident zynjyryny aldy. 

Estoniýanyň Milli muzeýiniň müdiri Alar Karis döwlet baştutany wezipesine ýeke-täk dalaşgärdi. Ol 31-nji awgustda parlamentde ses berişligiň ikinji tapgyrynda Estoniýanyň prezidenti saýlandy. Dalaşgär saýlanmak üçin halk deputatlarynyň azyndan üçden iki böleginiň sesini, ýagny 101 sesden 68-sini almalydy. Karisiň saýlanmagyna 72 deputat ses berdi.