Fransiýa Ispaniýadan üstün çykyp, Milletler ligasynda ýeňiji boldy

  • 12.10.2021 08:54
  • 7.2k+

UEFA-nyň Milletler ligasynyň finalynda Fransiýa Ispaniýadan üstün çykdy. Milanyň (Italiýa) "Juzeppe Meazza" stadionynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.

Hasaby 64-nji minutda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mikel Oýarzabal açdy. Iki minutdan soň Kilian Mbappeniň pasy bilen Karim Benzema hasaby deňledi. 81-nji minutda Kilian Mbappe Fransiýany öňe çykardy.
Ýaryşyň ýarym finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Italiýany (2:1), Fransiýa bolsa Belgiýany (3:2) ýeňip, finala çykypdy.
Şeýlelikde, Fransiýa Milletler ligasynyň taryhda ikinji ýeňijisi boldy. Ilkinji kubogy Portugaliýanyň milli ýygyndysy alypdy.


düýn 20:11
6.4k+

UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy...

düýn 11:52
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy...

05.07.2025 13:51
4.5k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Finala çykmak üçin Angliýanyň “Çelsisi” bilen Braziliýanyň “Fluminense” topary oýnar. Dörtden bir finalda “Fluminense” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňijisini – Er-Riýaddan “Al-Hilýaly” utdy...

05.07.2025 06:21
5.5k+

“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy...