BSGG ilkinji gezek kowidden soňky ýagdaýa kesgitleme berdi

  • 10.10.2021 16:00
  • 10k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) öz saýtynda kowidden soňky sindrom diýlip atlandyrylýan ýagdaýa jikme-jik düşündiriş berýän resminamany ýerleşdirdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

BSGG hünärmenleriň kowidden soňky ýagdaýa berýän kesgitlemeleriniň “üýtgäp durýandygyny” we munuň “barlaglaryň geçirilmegini we kliniki syýasatyň işlenip düzülmegini kynlaşdyrýandygyny” düşündirýär. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň iş toparynyň 17 hünärmeni ylalaşykly kesgitlemäni bermek üçin hünärmenleriň, hassalaryň we guramanyň işgärleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdi.  

Hünärmenleriň maglumatlary boýunça, hassalaryň azyndan 10-20 göterimi “uzak möhletli COVID-den” ýa-da kowidden soňky sindromdan ejir çekýär. Kesel koronawirus bilen keselläniňden üç aýdan soň özüni görkezip başlaýar we iki aýa çenli dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, kesellän adamyň özüni gowy duýýan döwürleri we pursatlary birnäçe gezek üýtgäp bilýär.  

Lukmanlar onuň esasy alamatlary hökmünde aşa ýadawlygy, dem gysmany, şeýle-de kognitiw disfunksiýanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyny we adamyň gündelik durmuşyna täsir edýän başga-da birnäçe alamatlary bellediler.       

BSGG başga bir diagnozlar bilen düşündirip bolmaýan şeýle ýagdaýlary kowidden soňky sindroma degişli etmeli diýen netijä geldi. 


10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.2k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

11.02.2026 13:11
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...