Samsung-yň üçünji çärýekde operasion girdejisi 28% ýokarlandy

  • 10.10.2021 14:15
  • 2.9k+

Dünýäde iň uly smartfon we ýarym geçiriji önümleri öndüriji Günorta Koreýanyň Samsung Electronics Co. kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde operasion girdejisiniň ösüşini 28% diýip hasaplaýar. Bu barada finmarket.ru habar berýär.

Deslapky hasaplamalara görä, 30-njy sentýabrda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça operasion girdeji 15,8 trln Günorta Koreýa wonasyna (takmynan, 13,3 mlrd dollar) barabar boldy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar. Geçen ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýanyň operasion girdejisi, takmynan, 12,35 trln wona boldy. 

Deslapky hasaplamalar boýunça, Samsung-yň girdejisi 9% ýokarlanyp, 73 trln wona ýetdi. S&P Global Market Intelligence tarapyndan sorag edilen analitikler operasion girdejini ortaça 73,4 trln wona girdejide 15,7 trln wona derejesinde çakladylar. 

Samsung geljek üç ýylyň dowamynda maýa goýumlaryň möçberini üçden birine, 205 mlrd dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu kompaniýanyň mikroshemalaryň önümçilik pudagynda lider bolmak islegi bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa üçünji çärýek üçin gutarnykly hasabaty şu aýyň ahyrynda çykarar. 

Samsung-yň paýnamalarynyň bahalary anna güni geçirilen söwdanyň jemi boýunça üýtgemedi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 11,6% ýokarlanyp, takmynan, 479,2 trln wona barabar boldy. 


22.03.2026 08:09
4.6k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

11.03.2026 15:08
3.4k+

Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady...

07.03.2026 10:33
4.8k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryny Hindistanda öndürer

Samsung-yň Hindistandaky iň uly zawodynda Galaxy S26 hatarynyň önümçiligi başlanar. Kompaniýa enjamlaryň Uttar-Pradeş ştatynyň Noýda şäherindäki kärhanasynda ýygnaljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Samsung-yň Günorta-Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jeý Bi Pakyň bellemegine görä, bu kärhana dünýäde ykjam enjamlary öndürýän iň uly zawoddyr...

21.02.2026 13:59
4k+

Samsung telewizorlar bazarynda birinjiligi elden berdi: indi TCL öňde

 Counterpoint Research seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda TCL kompaniýasy Samsung-dan has köp telewizor satdy. Şunlukda, onlarça ýyllap telewizor bazarynyň lideri hasaplanan günorta koreýaly gigant birinjiligi elden gidirdi...