Samsung 2026-njy ýylda mikroshemalaryň önümçiligini iki esse artdyrar

  • 10.10.2021 16:05
  • 2.5k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy şu hepde geçirilen “Samsung Foundry Forum 2021” çäresiniň çäginde çip önümçiligini 2021-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli iki esse köpeltmek isleýändigini mälim etdi. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.

Häzirki wagtda köp pudak ýarymgeçirijileriň global ýetmezçiliginden ejir çekýär. Çipleriň bahasy gymmatlaýar, eltiş möhletleri hem ýokarlanýar. Şeýle-de bolsa, öndürilen ýarymgeçiriji önümleriň hemmesi satylýar we şonuň üçin ähli esasy çip öndürijiler, şol sanda Samsung önümçiligiň mukdaryny ýokarlandyrmak we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin has köp maýa goýýar. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa 2026-njy ýyla çenli çip önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýändigini öňe sürýär.

Dünýäniň iň gowy üç çip öndürijisiniň biri bolan Samsung şu ýylyň başynda 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da täze önümçilik desgasyny gurmak üçin 17 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.  Häzirki wagtda bu kompaniýanyň ABŞ-da diňe bir desgasy bolup, ol hem Ostindäki 65 we 14 nm önüm öndürýän zawoddyr. Täze kärhananyň ýerleşjek ýeri ýa-da ol ýerde haýsy önümleriň öndüriljekdigi entek mälim edilmedi.  Mundan başga-da, Samsung-yň Günorta Koreýada dört ýarymgeçiriji zawody we çip synag we gaplaýyş merkezleri bar.


11.03.2026 15:08
3.2k+

Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi

Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady...

07.03.2026 10:33
4.6k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryny Hindistanda öndürer

Samsung-yň Hindistandaky iň uly zawodynda Galaxy S26 hatarynyň önümçiligi başlanar. Kompaniýa enjamlaryň Uttar-Pradeş ştatynyň Noýda şäherindäki kärhanasynda ýygnaljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Samsung-yň Günorta-Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jeý Bi Pakyň bellemegine görä, bu kärhana dünýäde ykjam enjamlary öndürýän iň uly zawoddyr...

21.02.2026 13:59
4k+

Samsung telewizorlar bazarynda birinjiligi elden berdi: indi TCL öňde

 Counterpoint Research seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda TCL kompaniýasy Samsung-dan has köp telewizor satdy. Şunlukda, onlarça ýyllap telewizor bazarynyň lideri hasaplanan günorta koreýaly gigant birinjiligi elden gidirdi...

21.02.2026 08:34
1.9k+

Samsung-yň bazar bahasy bir ýylda 358% ýokarlanyp, bir trillion dollara golaýlady

Samsung Electronics kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasy bir ýylyň dowamynda 358% ýokarlanyp, 876,24 mlrd dollara ýetdi. Bir ýyl ozal kompaniýanyň umumy bahasy 244,51 mlrd dollara deňdi. Günorta koreýaly tehno-ägirdiň häzirki wagtda bir paýnamasynyň bahasy 130 dollardan geçýär...