Bank of America-nyň teswirinden soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan geçdi

  • 09.10.2021 16:26
  • 7.4k+
Bank of America-nyň teswirinden soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan geçdi

Bank of America Corp.-yň strategleri kripto walýutany aktiwleriň täze görnüşi hökmünde goldanlaryndan soň bitkoiniň bahasy 50 müň dollardan hem gymmatlady. Bu barada profinance.ru habar berdi.

Iň soňky üýtgeşmeleriň netijesinde bahalar sentýabryň başyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Mundan öňki bahanyň ýokary derejesi kripto walýutanyň Salwadorda kanuny töleg hökmünde kabul edilmegi bilen baglanyşyklydy. Bitkoin Nýu-Ýorkuň söwdasynyň başynda 2,5% gymmatlady we 50,307 dollara ýetdi.

"Sanly aktiwler älemi "kembaha garardan juda uludyr". Biz skeptikleriň garaşyşyndan has köp mümkinçilikleriň bolup biljekdigine ynanýarys" diýip, strategler Alkeş Şah we Jessika Reýf Erlih ýazýarlar.

Bank of America-nyň pikiriçe, häzirki ýagdaýlar uzagyndan kripto walýutalar üçin bähbide bolup biler. Strategleriň ýazyşy ýaly, anyk düzgünler güýje girensoň, kripto walýutalara nädip maýa goýmalydygy baradaky näbellilik aradan aýrylar diýip, çeşme belleýär.


20.11.2024 10:49
1.6k+

Bloomberg: ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google-dan Chrome-y satmagyny talap eder

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Google kompaniýasyna we onuň golçur düzümlerine eýeçilik edýän Alphabet korporasiýasyna Chrome brauzerini satmaga mejbur etmek haýyşy bilen kazyýete ýüz tutar. “Bloomberg-iň" habaryna...

08.11.2024 14:52
34k+

Tramp ýeňiş gazanandan soňky bir günde Maskyň emlägi 20 milliard dollar, Bezosyňky 7 milliard dollar artdy

Ilon Maskyň baýlygy Donald Tramp ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyndan soň, bir günüň içinde 20,9 milliard dollar artdy. Jeff Bezosyň baýlygy hem 7 milliard dollar köpeldi. Bu Forbesiň milliarderleriniň...

29.09.2024 19:13
12k+

Tramp 100 müň dollara çenli bahaly sagat kolleksiýasyny çykardy

ABŞ-nyň öňki Prezidenti we häzirki wagtda prezidentlige dalaşgär Donald Tramp "Trump Watch" sagat kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Forbes žurnaly ýazýar. Hatarda 150 töweregi sagat modeli bolup, olaryň bahasy...

20.09.2024 17:53
12k+

Hytaý aşa baýlaryň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

New World Wealth we Henley&Partners tarapyndan geçirilen barlagyň maglumatlaryna görä, dünýäde soňky 10 ýylda sentimillionerleriň (baýlygy 100 million dollardan geçýän adamlar) sany 54% artdy diýip, CNBC habar...