2022-nji ýyldaky Ženewa halkara awtosalony ýatyryldy

  • 09.10.2021 15:58
  • 5.4k+

2022-nji ýyldaky Ženewa halkara awtosalony COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan awtomobil pudagyndaky kynçylyklar bilen baglanyşykly bir ýyl yza süýşürildi. Bu barada awtosalonyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

“Tutuş awtomobil pudagyna täsir eden COVID-19 pandemiýasy bilen bagly meseleler sebäpli halkara awtosalonyň hemişelik komiteti çäräni 2023-nji ýyla geçirmäge mejbur boldy. 2022-nji ýylyň fewral aýyndaky awtosalon ýatyrylsa-da, biz platformany ösdürmek boýunça ädimlerimizi dowam etdireris, bu hem 2023-nji ýylda has täsirli çäräni geçirmäge mümkinçilik berer” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Guramaçylar pandemiýany çäräniň ýatyrylmagynyň esasy sebäbi hökmünde görkezýärler. Bir tarapdan, koronawirus sebäpli ýurtlaryň arasyndaky gatnawlar kynlaşdy. Beýleki bir tarapdan, pandemiýa sebäpli işdäki bökdençlikler ýarym geçirijileriň we çipleriň ýetmezçilik etmegine getirdi. Guramaçylar awtoöndürijiler, ilkinji nobatda, şu meseläni çözmeli diýip hasaplaýarlar.

“Pandemiýa bilen bagly ýagdaý gözegçilik astyna alynmady, şonuň üçin ol Ženewa halkara awtosalony ýaly ýapyk binalarda geçirilýän uly çäreler üçin howp döredýär. Ýöne biz bu karary ýatyrmak däl-de, möhletini yza süýşürme hökmünde görýäris” – diýip, awtosalonyň hemişelik komitetiniň prezidenti Moris Turrettini aýtdy.

Ilkinji Ženewa awtosalony 1905-nji ýylda geçirildi. 1923-nji ýyldan başlap sergi 1940-1946-njy ýyllardan başga, her ýyl geçirildi. Häzirki wagtda iň soňkusy 2019-njy ýylyň 7 – 17-nji martynda geçirilen 89-njy Ženewa halkara awtosalony boldy. 2020-nji ýyldan bäri awtosalon pandemiýa sebäpli ýatyrylýar.


13.11.2022 12:05
10k+

Koronawirus ýaýrawy zerarly 2022-nji ýylyň Pekin awtosalony ýatyryldy

Pekinde geçmeli Halkara awtoulag sergisiniň guramaçylary Hytaýyň çäginde koronawirus bilen bagly ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen bagly bu ýyl çäräni ýatyrmagy karar etdiler. Ilkibaşda motor şüweleňi aprel aýynda...

02.06.2021 22:26
15k+

Nikkei: Toyota bilen Honda Malaýziýada awtomobil önümçiligini togtatdylar

Ýaponiýanyň Toyota we Honda awtokonsernleri Malaýziýada koronawirus çäklendirmeleriniň güýje girmegi sebäpli, täze awtomobilleriň önümçiligini we satuwyny togtatmak kararyna geldiler. Bu barada “Nikkei” gazeti...

şu gün 19:05
2.8k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

şu gün 10:46
1.5k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...