Brent nebitiniň bahasy 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 78 dollardan ýokary boldy

Brent nebitiniň bahasy 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 78 dollardan ýokary boldy

2021-nji ýylyň noýabr aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 0,99% ýokarlanyp, barreline 78,01 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen 21:33-de söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

21:38-e çenli ösüş haýallady, Brent nebitiniň bahasy barreline 78 dollar derejesinde bolup, bu geçenki sessiýanyň ýapylyş derejesinden 0,97% ýokarydyr.

Soňky gezek Brent-iň bahasy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda bir barrele 78 dollardan geçdi diýip, TASS belleýär. WTI söwda belgili nebit 0,93% gymmatlap, barreline 73,98 dollar boldy.