Dünýäniň awtosenagaty çip ýetmezçiligi sebäpli $210 mlrd ýitirip biler

  • 28.09.2021 07:46
  • 6.8k+

Dünýäniň awtoöndürijileri 2021-nji ýylda geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 7,7 mln az awtomobil öndürerler. Öňdebaryjy kompaniýalar üçünji çärýegiň jemi boýunça girdejiniň we satuwyň azaldyljakdygy barada eýýäm habar berip başladylar.  

Şu ýyl çip ýetmezçiligi sebäpli awtosenagatyň ýitirýän girdejisi bilen bagly maý aýynda edilen çaklamalar gaýtadan gözden geçirildi we onuň netijesinde görkeziji ýokarlandy diýip, AlixPartners konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNBC teleýaýlymy habar berýär. Bu barada profile.ru belläp geçýär. Hünärmenler ýazda ýitginiň 11 mlrd dollar möçberinde boljakdygyny çakladylar, häzir bu görkeziji 210 mlrd dollar boldy, bu bolsa 91% köpdür. “Malaýziýadaky lokdaunlar we beýleki ýerlerdäki kynçylyklar ýaly birnäçe wakalar ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrdy” – diýip, AlixPartners-iň awtomobil pudagy we senagaty boýunça dolandyryjy müdiri Mark Ueýkfild düşündirýär.

Ýatlap geçsek, elektron bölekleriniň ýetmezçilik edýändigi baradaky gürrüňler ilkinji gezek şu ýylyň başynda peýda boldy. Soňra çökgünlik hasam güýçlendi we köp awtoöndürijiler önümçiligi azaltmaga mejbur boldular. Olaryň arasynda Ford Motor, GM, Volkswagen, Jaguar Land Rover, Nissan, Honda ýaly brendler bar. Awgust aýynyň ahyrynda bolsa Toyota kompaniýasynyň elektron bölekleriniň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler sebäpli awtomobil önümçiligini 40% azaltjakdygy belli boldy. 

Ýeri gelende bellesek, ýarym geçirijileriň ýetmezçiligine kompýuter we noutbuk öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň ösmegi hem täsir edýär. Köp kompaniýalaryň işiň distansion görnüşine geçmegi sebäpli bellenilen elektronikanyň meşhurlygy ýokarlandy. Şonuň üçin elektron böleklerini üpjün edijiler hem awtomobil, hem elektron korporasiýalaryndan gelýän sargytlary ýerine ýetirip ýetişmeýärler. 

şu gün 14:12
786

Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar

BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr...

şu gün 14:00
1.3k+

Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly

Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir...

şu gün 13:38
686

Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar

Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli...

düýn 20:06
7.6k+

Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi

Ostinde (Tehas ştaty) Tesla robotaksisiniň gatnaşmagynda bolup geçen ilkinji ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Model Y elektromobili Home Slice Pizza restoranynyň awtoduralgasyndan çykyp barýarka, duran Toyota Camry-ny kakdy...