Tim Szýu 17-nji noýabrda Takesi Inoue bilen söweşer

  • 24.09.2021 13:59
  • 4.7k+

WBO we IBF boýunça ilkinji orta agram derejesinde sebitleýin titullaryň eýesi Tim Szýu 17-nji noýabrda ringde ýaponiýaly Takesi Inoue bilen söweşer. Tutluşygyň geçiriljek ýeri heniz kesgitlenmedi. Bu barada mma.metaratings.ru habar berdi.

Szýu soňky söweşini şu ýylyň iýul aýynda öz watandaşy Stiw Sparka garşy geçiripdi. Bu gapma-garşylykda Tim üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.
Szýu professional ringe ilkinji gezek 2016-njy ýylyň dekabrynda Zofran Kassidi bilen söweşde çykypdy. Bu söweş eminleriň biragyzdan karara gelmegi bilen Timiň peýdasyna tamamlandy.
Ýeri gelende bellesek, Tim Szýu professional boksda 19 ýeňiş gazandy (15-dinde nokaut bilen) we ýekeje gezek hem ýeňilmedi.


17.04.2026 09:31
19k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...