2022-nji ýylda Angliýada uçýan taksiler ulgamy işe giriziler

  • 19.09.2021 16:49
  • 12k+

Hyundai konserni we Urban-Air Port iňlis kompaniýasy 2022-nji ýylda uçýan taksiler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Ol ilki bilen Kowentride, soňra Londonda we Los-Anjelesde işläp başlar. Bu barada club-tm.ru habar berdi.

Bloomberg-iň habar bermegine görä, kompaniýalar Günorta Koreýada, ABŞ-da, Kanadada, Awstraliýada, Germaniýada we başga-da birnäçe ýurtda uçýan taksiler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bäş ýylyň içinde hyzmatdaşlar şunuň ýaly ulgamlary bütin dünýäde ýola goýmagy maksat edinýärler.

“Pudak ösýär we şäherlerde elektrikli uçýan ulaglaryň we sürüjisiz taksileriň geljeginiň ýakyn wagtda hakykata öwrüljekdigini biz bilýäris. Emma ýer üstünde bolşy ýaly, howada-da zerur infrastruktura bolmasa, muny durmuşa geçirip bolmaz"-diýip, Urban-Air Port kompaniýasynyň esaslandyryjysy Riki Sandhu belledi.

Şeýle awtoulaglaryň diňe bir megalopolisleriň işewür etraplarynda däl, eýsem has giň sebitlerde ýolagçylary gatnadyp biljekdigi çak edilýär. Awtoulaglara wodorod elementleri arkaly zarýad berler diýip, çeşme belleýär.


şu gün 00:17
457

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

12.05.2026 15:04
1.3k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
922

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.5k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....