Ýewropada gazyň bahasy ilkinji gezek müň kub metr üçin 950 dollara ýetdi

  • 16.09.2021 08:19
  • 3.1k+

15-nji sentýabrda (çarşenbe güni) Ýewropanyň fýuçers bazarynda gazyň bahasy taryhda ilkinji gezek 20% -den gowrak gymmatlap, müň kub metr üçin 950 dollara ýetdi. Muny ICE Futures-iň söwda maglumatlaryna salgylanyp, www.angi.ru habar berdi.

Niderlandlaryň TTF indeksine görä, oktýabr aýynyň gaz fýuçersleriniň bahasy 17.27% ýokarlandy we müň kub metr üçin 943 dollara ýetdi. Şondan birnäçe minut soň bahalaryň ýokarlanmagy 20%-den geçdi we müň kub metr üçin 950 dollar boldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

"WTB Capital"-yň analitikleriniň pikiriçe, bahalaryň ýokarlanmagy, gaza bolan islegiň durnuklylygy hem-de ýelsiz howa şertlerinde täzelenýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň öndürilişiniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Analitikleriň pikiriçe, Aziýada suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalarynyň has ýokary bolmagy Ýewropa suwuklandyrylan tebigy gaz üpjünçiliginiň artmagyna böwet bolýar.


13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...