Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşanbe sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

  • 14.09.2021 09:15
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň mfa.tj saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Eýranyň, Hytaýyň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Pakistanyň we Hindistanyň Premýer-ministrleri gatnaşarlar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň hatarynda ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow, guramanyň terrorçylyga garşy sebitleýin düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň direktory Jumahon Giýosow, BMG-niň Baş sekretary we beýleki iri sebitleýin düzümleriň ýolbaşçylary bar.

Şeýle hem şol gün — 17-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde ŞHG-niň we Toparlaýyn Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy geçiriler. Onuň dowamynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri tarapyndan esaslandyrylan halkara gurama bolup, häzirki wagtda Hindistan we Pakistan hem onuň agzalarydyr. Guramada 2021-nji ýylda Täjigistan başlyklyk edýär we öňde boljak sammitiň netijeleri boýunça Eýranyň ŞHG-ä doly hukukly agza hökmünde girmegi bilen bagly meseläniň çözgüdine seretmek meýilleşdirilýär.


şu gün 11:16
1.5k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...

şu gün 10:44
414

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi...

şu gün 10:32
3k+

Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi...

düýn 16:01
14k+

Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär...