Microsoft koronawirus sebäpli işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny yza süýşürýär

  • 14.09.2021 08:17
  • 3k+

Microsoft amerikan korporasiýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Satýa Nadella bilen LinkedIn kompaniýasyndan kärdeşi Raýan Roslanski koronawirusyň delta ştamynyň işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyna ýetirýän täsiri barada gürrüňdeşlik geçirdi. Microsoft-yň saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizine görä, bu kompaniýa pandemiýa sebäpli işgärleriniň işini ýüzbe-ýüz görnüşde dikeltmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürdi. Bu barada www.belta.by habar berýär.

4-nji oktýabr Microsoft-yň Redmonddaky ştab-kwartirasynyň we ABŞ-da beýleki köp iş orunlarynyň doly açylmagy üçin ilkinji mümkin bolan sene diýlip bellenilipdi, ýöne meýilnamalar üýtgedi. COVID-19 bilen baglanyşykly näbellilikleri göz öňünde tutup, ABŞ-da iş orunlarynyň doly açylmagy üçin täze senäni çaklamazlyk kararyna gelindi.

Işgärleriň ýüzbe-ýüz görnüşde işe “jemgyýetçilik saglygy goraýyş maslahatlaryndan ugur alyp, muny etmek howpsuz bolan ýagdaýynda” gaýdyp barmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Microsoft işgärlere ofisdäki işe öwrenişmek üçin wagt berjek we işe çeýe çemeleşmäge mümkinçilik berjek 30 günlük geçiş döwrüni yglan etdi.


04.12.2025 15:46
4.4k+

Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi. Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi...

30.11.2025 19:32
1k+

Windows 11-de Notepad jedwel goldawyny aldy we köpugurly boldy

Windows 11-de Notepad («Bloknot») programmasy jedweller goldawyny we olary soňrakky redaktirlemek mümkinçiligini aldy. Programma öz mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi, şol sanda kämilleşdirilen emeli aň gurallary hem goşuldy...

28.11.2025 11:10
3.8k+

Xbox aýakda: Microsoft oýun konsolynyň äheňinde krokslary çykardy

Microsoft kompaniýasy Xbox 360-yň 20 ýyllygy mynasybetli ýönekeý we ýeňil plastik aýakgaplaryň – krokslaryň çäkli sanyny çykardy. Olar konsolyň özboluşly reňklerini öz içine alýar we kontrollýoryň düwmelerine we joýstiklerine meňzeş elementler bilen bezelen...

26.11.2025 14:06
1.6k+

Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär...