«Gerekli» Samsung Galaxy Z Fold3 we Flip3 üçin deslapky sargytlary yglan etdi

  • 11.09.2021 11:08
  • 10k+

Samsung Electronics kompaniýasynyň täzelikde satuwa çykaran hem-de eýýämden ulanyjylaryň söýgüsini gazanmagy başaran Galaxy Z Fold3 we Flip3 smartfonlary Türkmenistanda hem elýeterli boldy. Samsung-yň çeýe ekranly täze önümlerini öňünden sargyt etmek mümkinçiligini «Gerekli» onlaýn söwda platformasy hödürleýär.

Samsung Fold3 smartfonyny öňünden sargyt eden müşderilere «Gerekli» onlaýn söwda platformasy tarapyndan «Galaxy Watch 4 Classic» smart sagatlary sowgat berilýär. Samsung Flip3 smartfonyny öňünden sargyt eden müşderiler bolsa «Galaxy Buds Pro» simsiz nauşniklerini sowgat alarlar.

«Gerekli» onlaýn söwda platformasynyň habar bermegine görä, deslapky sargyt 17-nji sentýabra çenli elýeterli bolup, smartfonlaryň sany çäklidir.

«Gerekli» onlaýn söwda platformasy harytlaryň giň toplumyna — elektronika we hojalyk tehnikalaryna, kanselýariýa harytlaryna, gözellik hem saglyk, çagalar üçin esbaplara, egin-eşiklerine we aksessuarlara, haýwanlar üçin harytlara iň amatly bahalary kepillendirýär.

Ulanyjylar «Gerekli» onlaýn söwda platformasynyň üsti bilen Türkmenistanyň islendik welaýatyna harytlary sargyt edip bilerler. Galyberse-de, elektronika we hojalyk tehnikalaryna tölegleri üstüne goşmaça baha goýmazdan bank kartlarynyň üsti bilen geçirip boýar. 200 manatdan geçen sargytlar Aşgabat şäheri boýunça mugt eltilip berilýär.

«Gerekli» häzirki wagtda birnäçe arzanlaşyklary hem-de sowgatly söwdalary bilen ulanyjylaryň arasynda meşhurlygyny artdyryp gelýär. Söwda platformasynyň naýbaşy aksiýalaryndan şulary belläp bileris:

«Gerekli» onlaýn söwda platformasyny Google Play-den hem-de App Store-den ýükläp alyp bilersiňiz.

22.06.2026 14:18
6.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.3k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......