Russiýa Türkmenistandan eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrar

  • 11.09.2021 08:14
  • 8.3k+

Russiýa Federasiýasy iýmit önümleriniň bahasynyň gymmatlamagynyň öňüni almak maksady bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Wiktoriýa Abramçenkonyň sözlerine salgylanyp, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda Türkmenistanda, Azerbaýjandan, Täjigistan we Belarusdan getirilýän harytlaryň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Türkmenistan eýýäm, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Russiýa iberýän azyk önümleriniň möçberini 93 göterime çenli ýokarlandyrdy. GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak hakynda RF-niň Prezidenti Wladimir Putin tabşyryk beripdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistandan Russiýa iberilýän gök-önümleriň we miweleriň möçberi 2021-nji ýylda 93 göterime çenli ýokarlandy. Geçen ýylda önümleriň 16,9 müň tonnasy eksport edilen bolsa, üstümizdäki ýylda bu görkeziji 32,7 müň tonna çenli artdy. Türkmenistandan Russiýa iberilýän önümleriň hatarynda pomidor we käşir aýratyn orun eýeläp, pomidoryň möçberi 16,4 müň tonnadan 31,9 müň tonna çenli, käşiriňki bolsa 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy.


şu gün 11:32
484

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....