Bitkoiniň bahasynyň şu ýyl 100 müň dollara çenli gymmatlamagyna garaşylýar

Bitkoiniň bahasynyň şu ýyl 100 müň dollara çenli gymmatlamagyna garaşylýar

“Stock-to-Flow” (S2F) modeliniň awtory öňümizdäki aýlaryň esasy kriptografik walýutasy üçin möhüm döwür boljakdygyny öňe sürýär. Onuň çaklamagyna görä, bitkoin ýylyň ahyryna çenli ep-esli gymmatlap biler diýip, rbc.ru habar berýär.

“Stock-to-Flow” (S2F) modeliniň awtory we “PlanB”-niň analitigi bitkoiniň bahasynyň şu ýylyň ahyryna çenli 100 müň dollara ýetjekdigini çaklady. Onuň pikiriçe, öňümizdäki aýlarda esasy kriptografik pul uly ösüşi başdan geçirer. Häzirki wagtda, has takygy, 4-nji sentýabrda bu sanly puluň bahasy 50,2 müň dollara barabar boldy.

Stock-to-Flow (S2F) modeli bitkoiniň bahasyny aktiwiň umumy üpjünçiliginiň ýyllyk ösüşine bolan gatnaşygyny hasaplamak arkaly çaklaýar. Bitkoiniň bahasy maý aýynyň ortalaryndan bäri ilkinji gezek awgust aýynda 50 müň dollardan geçdi. Bir aýyň dowamynda esasy kripto puluň bahasy 34% ýokarlandy. Häzirki wagtda bitkoiniň kapitallaşdyrmasy 955 milliard dollardan geçýär diýip, analitik nygtaýar.