3-nji sentýabrda Türkmenistanyň sebitlerinde bugdaý ekişi başlanar

  • 28.08.2021 12:17
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti 27-nji awgustda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň sebitlerinde güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Türkmen Liderine geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça welaýatlarda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......