Türkmenistan Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolar

  • 28.08.2021 12:11
  • 4.1k+

Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agzalyga kabul ediler. Bu baradaky degişli resminamanyň taslamasyny 27-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belläp, türkmen Lideri dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem-de onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy 2008-nji ýylda döredilip, onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek bu düzümiň esasy wezipesidir.


28.06.2025 00:45
12k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory we prorektorlary bellenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýolbaşçylary bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Hydyrguly...

27.06.2025 23:53
14k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

18.03.2025 12:50
5.4k+

Aşgabatda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" halkara forumy işläp başlady

Şu gün, 18-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT-2025) atly halkara forum öz işine başlady. Forum Türkmenistanyň...

17.03.2025 07:46
2.6k+

Aşgabatda telekeçileriň sergisi we maýa goýumlar boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün, 17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly...