Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky Paralimpiadany açyk diýip yglan etdi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky Paralimpiadany açyk diýip yglan etdi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky tomusky Paralimpiýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi. Açylyş dabarasy Tokionyň Milli stadionynda tomaşaçysyz geçirildi. Dabaranyň dowamynda türgenleriň ýörişi boldy. Dabaranyň esasy jümlesi – “Biziň ganatymyz bar”. 

“XVI tomusky Paralimpiýa oýunlaryny açyk diýip yglan edýärin” – diýip, TASS imperatoryň sözlerini getirýär.

Soňra Paralimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Açylyş dabarasyna 162 ýurduň wekilleri gatnaşdy. 

Paralimpiýa oýunlarynyň açylyşyndan birnäçe sagat öň Tokionyň Ýegi seýilgähinde Paralimpiýa alawynyň estafetasynyň tamamlanyş dabarasy boldy. Koronawirus ýokanjy sebäpli, şäheriň köçelerinden estafeta ýatyryldy. Onuň deregine kiçiräk çyradan ot ilkinji üç fakel göterijä geçirildi, soňra “fakelleriň posasynyň” kömegi bilen ol bir gatnaşyjydan beýlekä geçirildi.

Tokiodaky Paralimpiada 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçirilmelidi. Pandemiýa sebäpli ýaryşlar bir ýyl yza süýşürildi, olar 5-nji sentýabra çenli dowam eder. Oýunlarda sportuň 22 görnüşinde jemi 539 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.