Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi maslahatlaşyldy

  • 23.08.2021 12:12
  • 6.8k+

21-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda döwlet Baştutany tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde abraýly institutlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda öňde durýan wezipeler, şol sanda Pudagara toparyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......